Aşgabatda maýa goýum forumy geçirildi (TIF 2024)

10-njy sentýabrda Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Maliýe we ykdysadyýet ministrligiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň möçberli forumda ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we mundan beýläk hem ösdürmek bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşdylar. Forum dünýäniň abraýly bilermenlerini, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekillerini hem-de ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Ýurdumyzda guralýan iri halkara maslahatyna türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Halkara çäresiniň resmi açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi. Soňra ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm wakasy bolan halkara maýa goýum forumyna we bu ugur boýunça geçirilýän maslahata gatnaşyjylar kaşaň binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar. Soňra giň möçberli forum plenar mejlisi görnüşinde dowam etdi. Bu bolsa hem ýurdumyzyň iri pudaklaryny ösdürmek ýurdumyzda alynýan baýlyklarymyzy dünýä bazaryna çykarmak we Bazar gatnaşygyny ösdürmek babatlaýyn maslahatlaşyldy.

Aziza ATAMURADOWA,

Türkmen oba hojalyk instituty 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok