Şu gün Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça “HI-TECH Türkmenistan 2024” halkara konferensiýa we sergi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip düzülen Sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasyna laýyklykda. ykdysady giňişlik, ösen tehnologiýalar döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa öz gezeginde dünýä jemgyýetçiliginde, ilkinji nobatda, türkmen hyzmatdaşlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýän daşary ýurt işewür toparlarynyň wekillerinde uly gyzyklanma döredýär. Iki gün dowam etjek wekilçilikli forum, güýçli döwletiň täze döreýiş döwründe durnukly ykdysady ösüşi we gülläp ösmegi görkezmek üçin niýetlenendir.
Foruma Türkmenistandan, ABŞ-dan, Russiýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Belarus Respublikasyndan, Özbegistandan, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan, Beýik Britaniýadan 100-den gowrak kompaniýa gatnaşýar. Forumda programma üpjünçiligini we IT hyzmatlaryny ösdürmäge bagyşlanan diwarlyklar, işewür we döwlet edaralary üçin aýratyn gyzyklanma döretdi. Döwlet edaralaryndan başga-da ministrlikler, bölümler, senagat kärhanalary bilen birlikde ýurtdaky 50-den gowrak hususy kompaniýa öz pawilionlaryny sergä ýerleşdirdi.
Şeýle hem forumda ýaş telekeçiler Türkmenistanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň öňünde öz taslamalaryny hödürlemek, şeýle hem maýa goýumlaryna we hyzmatdaşlyk maksatnamalaryna eýe bolmak mümkinçiligini gazandylar
Jemläp aýdanmyzda, häzirki zaman ylmy-tehniki üstünlikler, bilim we innowasiýa ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşmagynyň we ähli ugurlardaky ösüşiň açary bolup, bitarap Watan dünýäsiniň syýasy, ykdysady, ylmy we medeni giňişligindäki ornuny berkitdi.
Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler