“Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy elektron žurnaly döredildi

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda elektron ylmy-amaly žurnallaryň sany köpelýär. Golaýda, talyplaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we ýaş alymlaryň ylmy barlaglaryny goldamak, olary ylmy-barlag işlerine çekmek, milli ylym we bilim ulgamlarynyň ösüşine ýardam etmek maksady bilen “Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy elektron žurnaly döredildi.

Elektron žurnal üç aýda bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýär. Onuň redaktorlar kollegiýasyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň alymlary, professorlary we mugallymlary girdi. Bu bolsa žurnalyň işiniň maksadalaýyk we netijeli gurnalandygyny görkezýär.

Onlaýn-neşiriň işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşi we internet- hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakyndaky” Türkmenisanyň Kanunlaryna, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Düzgünnamasyna hem-de beýleki kadalaşdyrjy – hukuk namalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Žurnalda talyplaryň, mugallymlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň we ylmy işgärleriň makalalary çap edilip, ylmy barlaglaryň esasy uurlarynda işläp taýýarlamalara, ylmy-usuly maglumatlara we innowasiýalara aýratyn ähmiýet berilýär. Birinji neşirde dil biliminiň, edebiýaty öwrenişiň, lingwodidaktikanyň we pedagogikanyň döwrebap meseleleri boýunça ylmy-usuly makalalar hem-de talyplaryň we mugallymlaryň edebiýat döredijiligi bilen tanyşdyrýan çeperçilik eserler ýerleşdirildi.

Şekersoltan GURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok