Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz dünýäniň iň asuda, abadan, ykdysady kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz: “Türkmen halky asyrlaryň dowamynda ekerançylygyň kämil nusgalaryny döredip, gurak howa şertlerinde ýaýlalarymyzy ýaşyl öwsüp oturan meýdanlara öwürmek üçin tutanýerli zähmet çekip, türkmen sähralarynda we daglyk zolaklarynda guýulary, kärizleri, howdanlary, akabalary hem-de ýaplary gurupdyrlar.” diýip nygtaýar.
Türkmen topragynda ilkinji suwaryş desgalary baryp eneolit we bürünç zamanynda ýagny b.e. öň IV-III müňýyllyklarda gurlupdyr. Öňki döwürlerde gurlan suwaryş desgalarynyň yzlaryny siňe synlasaň häzirki günlerde-de görmek bolýar. Sadadan ýönekeý bolan bu suwaryş desgalary agyr zähmet şertlerinde diňe el güýji bilen gurlupdyr. Gadymy ýadygärlikleriň ýanyndaky şol wagtky suw desgalaryň tapylýanlygyny, uly-kiçi derýalarda gurlan bentleriň nähili mertlik, gaýratlylyk, pidalar çekilip gurlanlygyny arheologlar haýran galyjylyk bilen belleýärler. Häzir Tejen we Murgap derýasy diýlip ady tutulýan ol derýalaryň suwy ozal örän mes, joşgunly, çasly akypdyr. Şeýle derýalary el güýji bilen jylawlap, olardan geregiçe peýdalanan, şeýdibem ymgyr giňişligi lälezarlyga öwren, bal akýan mekana dönderen ata-babalarymyzyň ýiti akylyna haýran galmak bolýar.
Pederlerimiz “Suw bendinden baglanar” diýip, örän jaýdar aýdypdyrlar. Ol derýa suwunyň öňüniň akymyny bekläp, onuň derejesini galdyrmak we kadaly peýdalanmak üçin gurulýan gidrotehniki desgadyr. Şeýle-de, soňky döwürlerde suw energiýasyny peýdalanmak, ýagny elektrik toguny almak, suwaryş işlerini geçirmek, halkyň suw üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen gurlupdyr. Häzir Türkmenistanda 15 sany suw howdany bar. Biz hem türkmenleriň bent gurluşyk işleriniň taryhyny, bent gurluşyk tejribelerini, Hindiguş suw elektrik stansiýasynyň taryhy öwrenmek maksady bilen ylmy iş ýazmagy saýlap aldyk.
Ata-babalarymyz äpet suw desgasy bolan bentleri gazanda, inedördül, atanak görnüşde gurupdyrlar. Bendiň iki tarapyndan sowmalar çekipdirler. Bu bolsa suwuň süzülip geçmegine, gyrmançanyň üýtgemezligine kömek edipdir. Bent gurmak işleri esasan güýz aýlary başlanýardy. Sebäbi güýz, gyş aýlary derýanyň hanasynda suw azalýar, onuň akymy peselýär. Derýanyň düýbüne goýlan her bir nowalany toraňňylardan ýasalan ýüzlerçe uzyn-uzyn gazyklary kakyp, şolar bilen berkidýärler, soňra olary basgylap, synçgap, jebisleşdirýärdiler. Şeýlelikde iki tarapdan derýanyň hanasyna äpet nowalalary itiberip taşlaýardylar, olary gazyklara daňyp berkidýärdiler, soňra berçinleýärdiler, iň soňunda-da derýanyň hanasyny petiklemek üçin ähli güýji jemläp, onuň ortasynda galan ýerine “goşanowala” diýilýän goşalanan nowalany goýýardylar. Derýanyň hanasynyň uzaboýuny iki tarapdan goýlan nowalalary suw joşanda siliň güýji goparmasyn diýen maksat bilen olaryň öňüne has yhlas bilen örülen “Peşnowala” diýilýänleri telim gat edip keseliginede goýýardylar. Bular uzaboýuna goýlan nowalalaryň daşky dony hökmünde hyzmat edip, suwuň salýan agramyny, onuň zarbasyny öňi bilen özüne kabul edýärdi. Şeýdip, derýanyň hanasyny doly bekläp, onuň suwuny öňünden gazylyp taýyn edilen magistral kanallara sowýardylar. Magistral kanallar bolan Utamyşýap we Togtamyşýap öz sakasyny bendiň ýokary ýanyndan alyp gaýdýardy. Türkmenistanyň ýerlerinde XVII-XX asyrlarda giňden ulanylan bentleriň käbirleri, olaryň gurluşy, taryhy barada öwrenenimizde gyzykly maglumatlary ýüze çykardyk.
Biz mekdep okuwçylary ozümize bildirilýän ynamy döwlet we halkara derejesindäki olimpiadalarda ýeňiji bolmak bilen, sport boýunça halkara olimpiadalarda baýraklary orunlara mynasyp bolmak bilen odäris. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny depginli ösdürmekde uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Garhyman Arkadagymyzyň il-ýurt ähmiýetli döwletli tutumlary hemişe rowaç alsyn, janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!
Aýmyrat KAKAÝEW,
Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini
çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň
12-nji synp okuwçysy
Teswirler