Gahryman Arkadagymyzyň kitaby pars diline terjime edildi

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly üç dilde neşir edilen kitabynyň pars diline terjime edilmegi biziň buýsanjymyzy goşalandyrdy. Mälim bolşy ýaly, 28-nji awgustda Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Tähranda «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgünde Prezident Masud Pezeşkian bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Masud Pezeşkian Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynda dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline edilen terjimesini sowgat bermegi iki ýurduň arasyndaky dostlugy pugtalandyrýan taryhy waka öwrüldi. Beýikleri dünýä inderen beýikligi wasp edýän bu eseriň pars diline terjime edilmegi doganlyk ýurduň giň okyjylar köpçüligi, şeýle hem pars dilini kämil derejede öwrenýän türkmen ýaşlary üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny gaýtalap-gaýtalap okamak bilen, eneleriň mährinden tutuş dünýäniň nurlanýandygyna göz ýetirýäris. Eneleriň hoş bolmagy bilen maşgalalaryň durmuşyna bagtyýarlyk şuglasy çaýylýar. Sebäbi maşgalada enäniň orny bir başga. Onuň gaýgy-ünjüsi näçe az bolsa, şonça-da maşgala ojagynyň durmuşy süýjeýär. Eneler ýylgyrsa, älem ýylgyrýar. Biz türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görüm-göreldesinden ugur alyp, eziz enelerimizi başymyza täç etmelidiris.

Aýgül SAPBYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok