Hazar deňzi dost-doganlyk merkezi

2024-nji ýylyň awgust aýynyň 12-si Türkmenistanda Hazar deňziniň güni bellenilip geçilýär. Bu baýram, dünýäniň iň uly ýapyk suw howdany bolan Hazar deňzine, ýagny Hazara bagyşlanan aýratyn senedir. Baýramçylyk Hazaryň milli medeniýete, ykdysadyýete we daşky gurşawa bolan ägirt uly täsirini nygtamak üçin geçirilýär.

2008-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň karary bilen esaslandyrylan Hazar deňziniň güni, Türkmenistanyň çäginde Hazar deňziniň ekologiki deňagramlylygyny gorap saklamak hem-de onuň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen döredilen milli baýramdyr. Bu çäre, Hazaryň baýlyklaryndan geljek nesilleriň hem peýdalanmagyny üpjün etmek üçin deňziň durnukly ulanylmagyna halk köpçüliginiň ünsüni çekmekde uly ähmiýete eýedir.

Hazar deňzi Türkmenistanyñ taryhynda uly orun tutup, gündogar bilen günbataryň arasynda söwda we medeni alyş-çalşyklara ýol açypdy. Häzirki wagtda ol milli buýsanjyň bir çeşmesi bolup, balykçylyk, syýahatçylyk, nebit-gaz pudagy ýaly ugurlarda ýurduň ykdysadyýetiniň esasyny düzýär.

Bu günde bütin ýurdumyz boýunça Hazar deňzine bagyşlanan baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherinde uly dabaralar guralýar, medeni çykyşlar, sergiler, milli saz-söhbetler we tans çykyşlary görkezilýär. Mundan başga-da mekdeplerde we uniwersitetlerde geçirilen okuw sapaklarynda deňziň ekologiki dürlüligi we gorag zerurlygy barada maglumatlar berilýär.

Ekologiki ähmiýetinden başga-da, Hazar deňzi Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin uly gymmatlyga eýedir. Ýurtda Hazaryň kenarynda ýerleşýän Awaza Milli Syýahatçylyk zolagynyň ösmegine uly ähmiýet berilýär. Bu zolak halkara syýahatçylary özüne çekmek üçin döredilen kurortlary we dynç alyş desgalary bilen meşhurdyr. Şeýle hem, Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwda merkezine öwrülmegi maksat edinip, Türkmenbaşy portuny ösdürmek işlerine uly ähmiýet berýär.

Türkmenistan Hazar deňziniň gününi bellemek dabaralary deňziň ähmiýetini nygtamak bilen bir hatarda, ony geljek nesiller üçin gorap saklamak boýunça köpçülikleýin jogapkärçiligi ýatladýar.

Güljan Ataýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar 
we informatika institutynyň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok