Türkmenistanda 1-nji synpa okuwa barjak 155 müň 641 çaga noutbuk kompýuterleri berler

Şu ýyl Türkmenistanda 1-nji synpa okuwa barjak 155 müň 641 çaga «Bilimli» haryt nyşanly milli noutbuk kompýuterleri Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat berler

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine ýurtda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 1-nji awgusta çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki taýdan hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy, şeýle-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berlipdi. Şondan bäri geçen döwrüň dowamynda bu ugurda depginli işler alnyp barlyp, degişli wezipeler doly ýerine ýetirildi.

Şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan sowgat beriljek 155 müň 641 sany «Bilimli» haryt nyşanly noutbuk kompýuterleriň ýarysyny — 77 müň 821-sini Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti taýýarlady.

Birinji synpa okuwa gitjek çagalara berilýän noutbuklaryň galan ýarysy, ýagny 77 müň 820-si bolsa Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilip, üpjünçilik işleri doly ýerine ýetirildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýyl öndürilen «Bilimli» noutbuk kompýuterleri geçen ýyllardakydan tapawutlanýar. Bu ýylky önümçilikde okuwçy kompýuteriniň umumy ýady 128 Gb, operatiw ýady bolsa 4 Gb-e çenli köpeldildi. Şeýle-de onuň batareýasynyň 5000 mA 3.7V Lithium-ion polimer, elektrik tok üpjünçiliginiň häzirki zaman standartlaryna gabat gelýän Micro USB, USB type-C zarýad beriji enjamy we täze görnüşli köpugurly sensor paneli ornaşdyryldy. Sensor paneliniň aýratynlygy barada aýdylanda, onuň özünde san şekilleri ýerleşdirilip, bu kalkulýator guralyny işletmezden peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

«Bilimli» noutbuklaryň programma üpjünçiligi babatda hem täzelikler bar. Bu kompýuterleriň ozalky görnüşlerinde çagalara oýun arkaly sanamagy we ýazmagy öwredýän programmalar ornaşdyrylan bolsa, täze görnüşinde bularyň üstüne körpelere ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny ündeýän oýun görnüşindäki programma hem goşuldy. Bu programmalaryň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň öz hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülendigi aýratyn bellärliklidir.

Mähri HALMUHAMMEDOWA,

Hydyr Derýaýew adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok