Geljegimiziň altyn hazynasy bolan ýaş neslimiziň ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin Paýtagtymyz Aşgabatda ilkinji gezek «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi.
Bu ýokary derejede gurnalan çärä gatnaşýanlaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet Gurjak teatry, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, “Mahabat müdirligi”, halkara guramalary ýagny, ÝUNISEF, sport federasiýalary, bilim merkezleri hem-de türkmen telekeçileriň gatnaşmagynda çagalar we olaryň ene-atalary bilen janly, interaktiw gurşawda gatnaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredildi. Bu çäre “Garagum” myhmanhanasynyň sergi pawilionynda awgust aýynyň 19-22-si senelerinde öz işini dowam etdi.
Sergide “Gujurly bilim merkezi” hem okuw merkezinde okaýan diňleýjileriniň ylym-bilim, sport olimpiadalarynda gazanan üstünliklerini medallardyr, kuboklaryny, çagalarymyz üçin köpdürli çeper eser kitaplaryny sergilediler. Sergi zalynyň aýdym-saz meýdançasynda bolsa, “Gujurly bilim merkeziniň” diňleýjilerinden düzülen sungat toparynyň taýýarlan aýdym-sazly, çeperçilik sungaty hem-de sirk sungaty, žanglýorlyk ukyplary bolan ýaşajyk oglan-gyzlarynyň çykyşlary segrä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň şatlygyna şatlyk goşdy.
Myrat ATABAÝEW,
“Gujurly bilim merkezi” HJ-niň Änew şahamçasynyň
okuw terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary
Teswirler