“Kids Expo” öz işine dowam edýär

19-njy awgustynda badalga alan «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine dowam edýär.

Serginiň dowamynda gatnaşyjylara sergide ýerleşdirilen harytlary we stendleri 0590 gysga belgä SMS ibermek arkaly ses bermek mümkinçiligi hem ýola goýuldy. Ses berijiler sergä gatnaşýan kärhanalaryň önümlerini we hyzmatlaryny üç ugur boýunça bahalandyryp bilerler. Serginiň ahyrynda öňdeligi eýeläp, ýokary netije gazanmagy başaran kärhanalara 2025-nji ýylda geçiriljek «Kids Expo 2025» sergisine tölegsiz gatnaşmaga mümkinçiligi dörediler.

Bu halkara sergä ýerli we daşary ýurtly kärhanalar bilen bilelikde ýurdumyzyň hökümet edaralary hem işjeň gatnaşýarlar.TDH-nyň habar bermegine görä, halkara sergi-ýarmarkasyna Russiýa Federasiýasy, ABŞ, Kanada, Hytaý, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Portugaliýa, BAE, Türkiýe, Singapur, Bahreýn, Gazagystan hem-de Gyrgyzystan ýaly 15-den gowrak dünýä döwletleriniň edara-kärhanalary hem gatnaşýarlar.

“Kids Expo-2024” sergisi barada gerekli maglumatlary serginiň resmi web saýtyndan gyzyklanyp bilersiňiz.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok