2024-nji ýylyň 19-22-nji awgusty aralygynda Aşgabatda ilkinji gezek «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär. Bu çäre çagalar üçin niýetlenen önümleriň we hyzmatlaryň pudagynda uly ähmiýetli waka bolmak bilen işewürler üçin bazar segmentiniň ösmegine goşant goşmaga ajaýyp mümkinçilige täze ýollary giňeldýär.
«Garagum» myhmanhanasynyň ýanynda ýerleşýän Göçme sergi merkezinde ýaýbaňlandyrylan «Kids Ekspo» sergisiniň açylyş dabarasy çagalaryň gülki sesleri bilen doldy. Bu ýerde dürli oýunjaklardyr okuw esbaplaryndan başlap, döwrebap egin-eşikleri, peýdaly azyk önümleri we innowasion bilim programmalary, garaz çaga durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan harytlaryň we hyzmatlaryň köpsanly görnüşleri hödürlenýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belläp geçişi ýaly, bagtyýar çagalygyň ýurdy, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalar döwlet tarapyndan aýratyn uly üns-alada bilen gurşalýar. «Kids ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi – ýarmarkasy bu aýdylanlaryň aýdyň şaýady bolup çykyş edýär.
Teswirler