Hazar deňzi, ummana çykalgasy bolmadyk ýapyk suw gurşawy bolmagyna garamazdan ondan birnäçe derýalaryň gelip guýýanlygy sebäpli, oňa Hazar deňiz-köli diýip hem atlandyrylýar. Onuň tutýan meýdany 371 müň inedördül kilometre barabar bolup 5 sany ýurt bilen araçäkleşýär. Olar: Türkmenistan, Gazagystan, Eýran, Russiýa we Azerbaýjan.
Häzirki wagtda giňden alynyp barylýan ekologik kanunçylyk ulgamyna laýyklykda ýurdumyzda döwlet tebigaty goraýyş syýasaty alynyp barylyp, tebigy serişdeler netijeli peýdalanylýar. Ýurdumyz resmi taýdan 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje giren BMG-niň Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça (Tähran konwensiýasy) Çarçuwaly konwensiýasyny ratifisirledi. Bu resminama 2003-nji ýylyň noýabr aýynda bäş Hazarýaka döwletleriň: Azerbaýjanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan Tähranda gol çekildi. Hazarýaka döwletleriniň wekilleri 2014-nji ýylda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna biologiki dürliligi saklap galmak boýunça Protokoly kabul etdiler.
Her ýylyň 12-nji awgusty Hazar deňziniň Halkara günüdir. Her ýyl bellenilip geçilýän bu baýramy Hazarýaka döwletleri deňziň ekologik howpsuzlygy meselelerine, özboluşly ekoulgamyny goldamaga we gorap saklamaga gönükdirýärler. Biziň ýurdumyzda hem Hazar deňziniň güninde ýurt boýunça dürli çäreler bilen bellenilýär, hususan-da Hazar kenarýaka şäheri Türkmenbaşyda giňişleýin çäreler geçirilýär. Hazar deňziniň güni diňe bir geçmiş we häzirki döwür üçin baýramçylyk däl, eýsem geljege garaýşyň hem jemidir. Türkmenistan bu aýratyn gününiň bellenmegi bilen, Hazar deňziniň gözelligini we baýlygyny goramak üçin öz borçnamalaryny ykrar edýär.
Hazar deňzi, ýokary tehniki resurslara eýedir. Deňzde uly möçberde nebit we gaz baýlyklary bar, bu bolsa sebitde ykdysady ösüşiň we halkara maýa goýumlarynyň ösdürilmegi üçin esasy mümkinçilikleriň biridir. Mundan başgada Hazar deňzi, kenarýaka ýurtlar üçin möhüm ulag ýoludur. Ol, bu ýurtlaryň içerki sebitlerini halkara bazarlary bilen baglanyşdyrmaga hyzmat edýär.
Hazar deňzi, ekologiki, ykdysady we medeni taýdan uly ähmiýeti bolan ajaýyp ýerleriň biridir. Ol birnäçe kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup biler, emma dowam etdirilýän tagallalar we halkara hyzmatdaşlyk bu möhüm çeşmäniň sebitdäki ekologiýa we ykdysadyýet üçin ähmiýetini artdyryp geljek nesiller üçin dowam etdirmäge kömek edýär.
Döwletmyrat Amannazarow,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň mugallymy
Teswirler