Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen dogabitdi ýürek keseli boýunça bejergä mätäç çagalaryň operasiýalary üstünlikli geçirildi. Operasiýalar haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna ýerli hünärmenler tarapyndan çagalara Halkara Kardiologiýa merkezinde geçirildi.

Çagalar häzirki wagtda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar saglyk we dikeldiş merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň lukmanlarynyň gözegçiliginiň astynda bejergilerine dowam edýärler.

Şeýle hem, Mary welaýatynda ýerleşýän Enäniň we Çaganyň Saglygyny Goraýyş ylmy-kliniki merkezinde we Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalar üçin yzygiderli bejeriş kurslary geçirilýär.
Teswirler