7-nji awgustda Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäheriniň kaşaň Miras öýünde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew, şol döwletde ýerleşýän daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň wekilleri, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.
Wengriýanyň medeniýet ministri hanym Boglarka Illes, Wengriýanyň Medeniýet ministrliginiň jemgyýetçilik işleri we medeni ösüş boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Mate Winçe Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylmagy bilen gutlap çykyş etdiler.
Dabara gatnaşanlar Miras öýüniň giň eýwanynda guralan sergide halkymyzyň milli lybaslary, şaý-sepleri, haly önümleri, milli saz gurallarymyz, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösüşleri barada gürrüň berýän fotosuratlar, kitaplar, nakgaş eserleri bilen tanyşdylar. Şeýle-de, bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň jöwher zehininden dörän ajaýyp kitaplar görkezildi.
Gadymy wenger topragyndaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri 11-nji awgusta çenli dowam eder.
Teswirler