Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” – diýip belleýär.
Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda pedagogik işgärleriň öňünde uly jogapkärli wezipeler durýar. Mekdep mugallymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, bilim ulgamynyň beýleki hünärmenleri daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynda tejribe-okuw sapaklaryny geçýärler. Şeýlelikde, tejribe alyşmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylda türkmen wekilleriniň ýüzlerçesi daşary ýurtlara iberildi. Bilim işine dünýä ülňüleriniň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. BMG-niň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy ýaly ugurdaş düzümler bilen hem bilelikde işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda bilimi dolandyrmakda täze maglumat ulgamyny ornaşdyrmagyň üstünde işlenilýär. Şu babatda eýýäm synag görnüşinde ýörite programma hem işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet ähmiýetli Permanlaryndan, Kararlaryndan ugur almak bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň şu güni hem ertiri bolan nesillerimizi milli ruhda, hemme taraplaýyn kämil, sagdyn şahsyýet edip ýetişdirmekde, okuwçylaryň döwrebap bilim almaklaryny gazanmakda mekdep mugallymlaryna uly orun degişlidir. Okuwçynyň mekdepde ilkinji alan bilimi geljekde onuň durmuşynda örän möhümdir. Şonuň üçin okuwça bilim berýän mugallyma uly borç ýüklenýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ýaş neslimiziň sagdyn, bilimli, Watana, halka, hormatly Prezidentimize wepaly adamlar bolup kemala gelmeklerine aýratyn üns berilýär.
Her bir şahsyýetiň özüne mahsus bolan, ony beýleki adamlardan tapawutlandyrýan haýsydyr bir aýratynlygy bolup, şol aýratynlyk hem indiwiduallyk arkaly aňladylýar. Käbir adamlaryň indiwiduallygy has aýdyň ýüze çyksa, käbir adamlaryňky bolsa çala göze ilýär. Okuwçylaryň bir synpda okaýanlary hem şol bir mazmunly okuw maglumatlaryny öwrenýändiklerine garamazdan, olaryň hersi özboluşly bir indiwiduallykdyr. Mugallym okuw-terbiýeçilik işinde okuwçylaryň indiwidual aýratynlygyndan ugur almaly, ony öwrenmeli. Mugallym okatmagyň differensirlenen usulyndan peýdalanyp, gowşak okaýanlary ortaça okaýanlaryň, ortaça okaýanlary bolsa güýçlüleriň hataryna goşmak üçin alada edip, dürli usullardan peýdalanmaly. Okuwçylara özbaşdak iş berlende olaryň mümkinçilikleri göz öňünde tutulmaly, soragnamalary ýerlikli ulanmaly, birek-birege kömek bermegi guramaly, ýagny gowşak ýetişýänleri ökdelere berkitmeli, ders gurnaklaryna gatnaşdyrmaly. Birmeňzeş geçirilýän içgysgynç sapaklar okuwçyny ýadadýar. Şonuň üçin sapagy her hili usullarda guramaly.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň berýän gözkezmelerinden, kabul edýän resminamalaryndan ugur alyp, interaktiw-özara işjeňlik usulynda sapaklary guramaly, beýleki her hili usullary ulanmaly. Okuwçylara yzygiderli pedagogiki gözegçilik etmeli. Okuwçy bilen ikiçäk söhbetdeş bolmaly, özbaşdak tabşyrylan ýumuşlaryň netijesini barlamaly, ata-eneler bilen pikir alşyp, maslahatlaşyp durmaly, okuwçynyň sapakda özüni alyp barşyna, köpçülik işine gatnaşygyna syn etmeli. Pikirleniş eşidiş, görüş ukybyna, saglyk ýagdaýyna üns bermeli.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän bilim özgertmeleriniň çäklerinde “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda” ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda pedagogik işgärleriň öňünde uly jogapkärli wezipeler durýar.
Hormatly Prezidentimiziň aýratyn belläp geçişi ýaly: “Mugallymlaryň ýeňil bolmadyk zähmeti Watanymyzyň şu güni we geljegi üçin zerur bolup durýar, çünki siziň döredijilikli, erjel zähmetiňiz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkynyň abadançylygyna, röwşen geljegine gulluk edýär.” Hormatly Prezidentimiziň şu parasatly sözlerini öz iňňän jogapkärli işimizde ýol-ýörelge edinip, sagdyn, sowatly, watansöýüji, belent ruhly, kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde ähli gujur-gaýratymyzy, ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman, ak ýürekden zähmet çekmek biz-bilim işgärleriniň mukaddes borjumyzdyr.
Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly özgertmeleri amala aşyryp okamaga, işlemäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
ÇEMEN KAKAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy.
Teswirler