Informasion tehnologiýalary pudagyndaky hünärmenleriň forumy geçirildi

Ýakynda onlaýn görnüşde işgär kabul etmeklik bilen baglanyşykly döräp biljek howplar barada informasion tehnologiýalary pudagynda zähmet çekýän hünärmenleriň forumy geçirildi.


Forumda tehnologiýa we işewürlik bilen bagly dürli pudaklarda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar.


Forumda “Grata International” halkara hukuk kompaniýasynyň wekili Ikbal Said Alauddin “Onlaýn görnüşde zähmet çekmegiň (Freelancing) we işgär kabul etmekligiň (Online recruiting) hukuk taýdan kadalaşdyrylyşy”, “Harman Consulting”-iň wekili Arslan Joraýew “Onlaýn görnüşde zähmet çekmegiň (Freelancing) we işgär kabul etmekligiň (Online recruiting) howpsuzlyk taýdan kadalaşdyrylyşy” atly temalar boýunça çykyş etdiler. Şol sanda, “Iş nokady” IT akademiýasynyň toparynyň we “Ýyndam hasap” we “Arassa nusga” ýaly kompaniýalaryň wekilleri işleriň innowasion ösüşi barada çykyş etdiler.


Foruma gatnaşyjylar bilelikde ýadygärlik surata düşenlerinden soňra, informasiýa tehnologiýalary (IT) ugrunda zähmet çekýän hünärmenleriň iş orunlarynyň kiçi görnüşli ýarmarkasy geçirildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok