Frilans, onlaýn iş üpjünçiligi we hukuk esaslary halkara bilermenleriň üns merkezinde

Ýakynda geçirilen Freelancing-internet üsti bilen zähmet çekmek we Online Recruiting- onlaýn işe kabul etmek bilen bagly IT pudagyndaky hünärmenleriň forumynda “Grata International” halkara hukuk kompaniýasynyň resmi wekili Ikbal Said Alauddin “Onlaýn görnüşde zähmet çekmegiň (Freelancing) we işgär kabul etmekligiň (Online recruiting) hukuk taýdan kadalaşdyrylyşy” atly mowzukda çykyş etdi. Onlaýn işgär kabul etmek bilen baglanyşykly töwekgelçiliklere gönükdirilen bu çäre Arkaç söwda merkezinde ýerleşýän “Iş nokady” co-working merkezinde geçirildi.

Ikbal Said Alauddin çykyşynda erkin işlemegiň we onlaýn işgär kabul etmegiň ösýän hukuk ýagdaýyna ünsi çekdi. Ol erkin işleýänler we iş berijiler üçin şertnama borçnamalary, intellektual eýeçilik hukuklary we düzgünleşdiriji gurşaw barada düşünmegiň möhümdigini belledi.

Foruma köp sanly IT hünärmenleri we pudak boýunça bilermenler gatnaşyp, pudakdaky kynçylyklar we mümkinçilikler barada pikir alyşdylar. Bu çäre, ösüp barýan erkin iş bazaryny goldamak we onlaýn işgär kabul etmegiň ygtybarly hem-de netijeli tejribelerini üpjün etmek üçin berk hukuk ulgamynyň zerurlygyny görkezdi.

Arkaç söwda merkezinde ýerleşýän “Iş nokady” co-working merkezi, gatnaşyjylaryň arasynda pikirleriň we tejribeleriň alyşylmagy üçin amatly ýer boldy. Ikbal Said Alauddiniň çykyşy, sanly dünýäde erkin işlemegiň çylşyrymlylyklarynda ýol görkezýän gymmatly maslahatlary bilen aýratyn gowy garşylandy.

Grata International we Ikbal Said Alauddin barada maglumat

Merkezi Aziýada iň uly halkara hukuk kömegini beriji kompaniýalaryň biri bolan Grata International, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşdy. Ikbal Said Alauddin 2023-nji ýylda Grata International-yň esasy hyzmatdaşy boldy. Ol žurnalistika, hukuk, mediasiýa, şol sanda halkara hukugy ýaly ugurlarda baý tejribä eýedir.

Ikbal Said Alauddin ýurdumyzyň ykdysady babatda halkara giňişliginde hukuk goraglylygynyň ýokarlandyrylmagy dogrusynda birnäçe işleri ýerine ýetirdi. Ol Türkmenistanyň halkara ykdysady giňişlikdäki ornuny ýokary derejä ýetirmegiň möhümligi baradaky garaýyşlaryny gepleşik ses ýazgylaryň (podkastleriň) birinde şeýle beýan edipdi:

“Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulýar. Ýurdumyz täsirli we dinamiki ykdysady ösüşe gönükdirilen hukuk gatnaşyklary babatynda halkara kadalaryny berjaý etmek üçin dünýä standartlaryna ýetmegiň ýolunda. Medeniýetli jemgyýetiň ähli ugurlarynda hukuk mehanizmlerini ulanmakda ýokary hünär ussatlygy möhüm ähmiýete eýe. “GRATA International”-yň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegi, biziň ýurdumyzdaky ykdysadyýetiň wekillerine halkara hukugynyň ulanylmagynda we durmuşa geçirilmeginde, edil “kwant süýşmesi” ýaly uly öňegidişlige mümkinçilik döreder.”

“GRATA International”-yň esasy hyzmatdaşy, Global Geňeşiň agzasy Ahmetzhan Abdullaýew, Ikbalyň “GRATA International” bilen hyzmatdaşlygy babatda zakon.ru web portalynyň habarynda ýokary baha berýär.

Grata International Merkezi Aziýadaky iň uly we giňden ösýän halkara hukuk firmasydyr. 32 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda halkara hukugy boýunça ussat hünärmenler ýokary hilli hukuk maslahatlary bilen hyzmat edýärler. Dünýäniň 22 ýurdunda ýerleşýän 220-den gowrak aklawçysy bolup, häzirki wagta çenli 38 müňden gowrak taslamalaryň üstünde işlediler. Kompaniýanyň Merkezi Aziýa sebitindäki merkezi edarasy Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýär. Onuň aýratyn hukuk gollanmasy bolup, The GRATA International Legal Series (the “GILS”) diýlip atlandyrylýar.

GILS-iň ikinji neşiri korporatiw kanunçylyga bagyşlanýar we 15 sany aýratyn hukuk işini, ýagny Ermenistan, Azerbaýjan, Belarussiýa, Gruziýa, Günorta Kipr, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Mongoliýa, Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, Türkmenistan, Täjigistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Özbegistan sebitlerinde esasy kanunçylyk meselelerini öz içine alýar.
GRATA International, korporatiw kanunçylyk, M & A-nyň gurluşy we goldawy, bilelikdäki kärhanalary döretmek, kanuny zähmet çekmek, barlaglar, korporatiw jedelleriň çözülmegi we ş.m. ýaly köp sanly hyzmatlary hödürleýär.

Türkmenistanda senagatyň ösmegi we telekeçilige uly ähmiýet berilmegi bilen, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sany artýar. Öndürilýän önümleriň geriminiň giňemegi bolsa eksporta ýykgyn etmegine getirýär. Harytlaryň we önümleriň daşarky bazarlara eksport edilmegi üçin iki taraplaýyn baglaşylan şertnamalar we ylalaşyklar zerur bolup durýar. Grata International hukuk firmasy iki tarap üçin hem deň derejede hyzmat edip, telekeçilere we bilermenlere daşary söwdanyň kada-kanunlaryny, şertnamalaryň hukuk tarapyny öwrenmäge we ýüze çykyp biljek düşünişmezlikleriň öňüni almaga ýöriteleşen amatly platformadyr.

Ikbal Said Alauddinyň durmuş ýoly, karýerasynda ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri hem-de hukuk bilen bagly işleriň alnyp barlyşy barada “Gysgaça” atly podkast gepleşiginde gürrüň berilýär. Ikbal aganyň üstünlik ýoly barada onuň öz dilinden diňlemek isleseňiz, aşakdaky linkden peýdalanyp bilersiňiz:

Bu link arkaly podkasty diňläp bilersiňiz.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok