Hindistanda ölüm howply Nipah wirusy örän tiz ýaýramagyny dowam etdirýär. Nipah wirusy tebigatda aýlanyp ýören iň howply patogenleriň biri hasaplanýar.
Hindistanyň günortasyndaky Kerala welaýatynyň saglyk işgärleri ölüm howply Nipah wirusynyň örän tiz ýaýraýandygyny we ýokary hüşgärligi talap edýändigini belleýärler.
25 ýyl ozal Malaýziýada ilkinji gezek ýüze çykarylan Nipahyň ölüm derejesi 75 göterime deň bolup durýar. Resmiler munuň başga bir pandemiýa sebäp bolup biljekdigini mälim etdiler.
Örän howply Nipah wirusy geçen hepdäniň ahyrynda Hindistanyň günortasyndaky Kerala welaýatynda 14 ýaşly bir oglanyň aradan çykmagyna getirdi. Häkimiýetler aradan çykan bilen ýakyn gatnaşyk saklanlary tapmak üçin tagallalary güýçlendirdiler. Häzirki wagtda Kerala welaýatynda jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtügini dakmak ýaly öňüni alyş çäreleri durmuşa geçirilmegi dowam edýär.
Häzirki wagtda ölüm howply ýokanjyň öňüni almak üçin sanjym ýa-da bejergi ýok. Emma wirusyň başga bir pandemiýa sebäp bolmak mümkinçiligi ýokary hasaplanýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Nipah wirusy adamlara ýarganat, doňuz ýaly haýwanlardan ýokuşýar. Wirus adamlarda beýniniň çişmegine sebäp bolýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy wirusyň ýiti dem alyş ýokanjyna sebäp bolup biljekdigini mälim etse-de beýleki bir tarapdan Guramanyň Hindistandaky wekili Nipah wirusynyň ýaýrama töwekgelçiliginiň “pesdigini” aýtdy.
Teswirler