24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda, Maslahat köşgünde köşgünde geçiriler. Bu Karar 20-nji iýulda Halk Maslahatynyň Prezidiumy tarapyndan berildi.

Resminamada, halkyň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň ýokary derejeli mejlisini ýokary derjede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň döredilmegini we 1-nji sentýabra çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlaryny tabşyrmagy görkezilendir.

Mejlise taýýarlyk görmek we ony geçirmek işleri Halk Maslahatynyň Diwany bilen Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bilelikde utgaşdyrylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok