Üstünligi programmirleýi – Nurmuhammet Täjimyradow

Kompýuter programmirlemesi ugrunda kämilleşmek yzygiderli işlemegi we irginsiz zähmeti talap edýär. Bu ugurda ýurdumyzda ýaş zehinleriň has-da artmagy, döwrüň talaby bolan häzirkizaman maglumat tehnologiýalarynyň, şol sanda internet tor ulgamlarynyň ösdürilmegine ýardam berýär. Kompýuter tehnologiýalary we programmirlemesi ugrunda özlerini yzygiderli kämilleşdirip, ýokary derejä ýeten ýaş programmistlerimiziň biri hem Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň amaly matematika we informatika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Nurmhammet Täjimyradowdyr.

Ol kiçilikden kompýuter bilen içgin gyzyklanyp başlaýar. Onuň çagalykda tehnologiki enjamlara aýratyn höwesiniň bardygyny göz öňünde tutup, ene-atasy Nurmuhammedi öz ýaşaýan ýeri bolan Daşoguz şäherindäki ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebine iberýärler. Nurmuhammet mekdep döwürlerinde iňlis dili, matematika, fizika ýaly dersleri çuňňur öwrenýär. Olaryň arasynda kompýuter tehnologiýalary, kompýuter programmirlemesi we robot tehnikasy we tehnologiýasy ýaly ugurlarda özüni kämilleşdirip ýerli, etrap, welaýat, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalara, intellektual bäsleşiklere gatnaşyp başlaýar.

2021-nji ýylda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders-taslama bäsleşiginde robot tehnikasy ugry boýunça döwlet tapgyrynda 3-nji orna, şol ýylda Moskwa fizika we tehnologiýalar institutynyň (MIPT) gurnamagynda geçirilen informatika olimpiadasynda 3-nji orna mynasyp boldy.

2022-nji ýylda “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders basleşiginiň döwlet tapgyrynda informatika dersi boýunça 3-nji orna we şol bäsleşigiň robot tehnikasy ugry boýunça döwlet tapgyrynda 2-nji orna eýe bolmagy başardy.

Bu üstünlikler bilen, okaýan orta mekdebinden göreldeli uçurym hökmünde tamamlanyndan soňra, häzirki okaýan ýokary okuw mekdebi bolan Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň giriş synaglaryna okuwa tabşyrýar we synaglardan üstünlikli geçýär. Mundan soňra, talyp hökmünde aýratyn höwes edýän kompýuter programmirlemesi ugrunda özüni ýokarlandyrmaga dowam edýär.

Şunlukda, Nurmuhammet Täjimyradow 2023-nji ýylda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Açyk halkara internet olimpiadasynda (OIIO-2023) 3-nji orny, şol okuw ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň (HNGU) gurnamagynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen I Açyk halkara informatika olimpiadasynda (OIOIUS-2023) 3-nji orny we 2024-nji ýylda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasynda (OIOIUS-2024) 1-nji orny eýeledi.

Ýakynda bolsa, ýaş programmistler topary Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçiriljek olimpiada, şeýle-de “INFOMATRIX-2024” taslama olimpiadasyna gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Onuň ilkinji işläp taýýarlan we ýola goýan proýekti Daşoguz şäherinde ýerleşýän bir azyk haryt dükanynyň onlaýn satyş platformasy boldy. Bu proýekti ol heniz 16 ýaşynda wagty amala aşyrdy. Häzirki wagtda Nurmuhammet “Belet wideo” tehnologiýa kompaniýasynda tejribe geçýär, programmirleme ugrunda özüni kämilleşdirýär.

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok