«Erkin Binýat» hojalyk jemgyýeti 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 1-inden 31-i aralygynda «r_keeper» programmasyny satyn alan müşderilere tölegsiz gurnap bermek hyzmatyny amala aşyrýar. “r keeper” programmasy ýurdumyzda we dünýäde ýerleşýän kafelere, restoranlara, restoran zynjyrlaryna we iýmit babatda jemgyýete hyzmat berýän kärhanalarynyň söwda hasaplaryny dolandyrmaga, amallary awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän programmadyr. Görkezilen möhletiň dowamynda satyn alnan programmany öz biznesiňiz üçin tölegsiz esasda gurnamaklyga mümkinçilik gazanyp bilersiňiz.
Mundan başga-da, “r keeper” programmasy ofisiantlaryň, barmenleriň, kassirleriň, aşpezleriň, dolandyryş bölüminiň işgärleriniň we beýleki düzümleriň işini analiz etmek, seljermek, hasabatlylygyny ýokarlandyrmak ýaly gymmatly maglumatlary programmadaky modullaryň we gurallaryň üsti bilen gözegçilik etmäge we optimizirlemäge mümkinçilik berýär.
«r_keeper» programmasynyň aýratynlyklary:
1. Front-ofis: Kassirler, ofisiantlar we barmenler üçin niýetlenen gural sargalan sargytlary çalt kabul etmäge we netijeli ýerine ýetirmäge, olary aşhana ýa-da bara geçirmäge, şeýle-de myhmanlar bilen hasaplaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
2. Ammar we önümçilik dolandyryşy: bu gural arkaly önümleriň hasabyny ýöredip, üpjün edijiler üçin sargytlary döredip, sargytlaryň çykdajylaryny hasaplamak bilen tagamlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edip bilersiňiz.
3. Zähmet hakyny meýilleşdirmek we hasaplamak: Işgärleriň iş tertibini düzmek, iş wagtyny bellemek we aýlyk haklaryny hasaplamak üçin amatly gurallary öz içine alýar.
4. Arzanladyşlary dolandyrmak: Arzanladyş we bonus kartlaryny döretmeklik arkaly arzanladyş meýilnamalary bilen işlemek üçin niýetlenen gurallary hödürleýär.
5. Seljeriş we hasabatlar: Kärhananyň işiniň dürli taraplaryny seljermäge mümkinçilik döredýän taýýar we düzülip bilinýän hasabatlaryň giň toplumyndan peýdalanyp bilersiňiz.
6. Ykjam goşundy: «r_keeper» ýörite programmalary dolandyryşy we gözegçiligi ýönekeýleşdirip, ykjam enjamlardan ulgama girmegi üpjün edýär.
«r_keeper» bilen myhmanhana işewürligini awtomatlaşdyrmak
«r_keeper» ulgamy bronlamagy, tölegleri we myhmanlara edilýän hyzmatlary netijeli dolandyrmagy üpjün edip, myhmanhana işewürligini awtomatlaşdyrmak üçin hem zerur mümkinçilikleri hödürleýär. Bu programmanyň modullaryny ulanmak arkaly myhmanhana dolandyryşyny sazlaşykly alyp barmak bilen ähli işiňizi bir nokatdan dolandyryp bilersiňiz. Şol bir wagtda programmanyň gurallary öz işiňize ýeňil uýgunlaşdyrylmaga-da ukyplydyr.
Häzirki wagtda «r_keeper» ulgamy «MADO», «KEBAPÇY», «ÝELKEN» ýaly restoranlarda ulanylýar. Russiýa Federasiýasynda hereket edýän «KFC», «Burger King», «Ginza Project» we «Novikov Group» ýaly iýmit hyzmaty zynjyrlary hem bu ulgamdan peýdalanýarlar. Şol sanda hojalyk jemgyýeti bu ugurda 10 ýyldan gowrak tejribä esaslanýar.
Belläp geçsek, «Erkin Binýat» hojalyk jemgyýetiniň öz işine ussat işgärler topary işiňiziň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmaklyk bilen, çözgütleri taslamalaşdyrmaklygy, her bir moduly gurnamak, işgärleri taýýarlamak, tehniki goldawy bermek ýaly toplumlaýyn hyzmatlary hödürleýär.
«Erkin Binýat» hojalyk jemgyýetiniň hyzmatlar toplumynyň aýratynlyklary:
- Programmany gurnamak.
- Ony sowatly ulanmak boýunça degişli maslahatlar.
- Programmadan netijeli peýdalanmaga ukyply işgärleri taýýarlamak.
Teswirler