Pudagyň netijeli işleri – azyk bolçulygyna goşant

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda alyp barýan oýlanyşykly döwlet strategiýasy milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ählumumy parahatçylygyň bähbidine halkara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary depgini üstünliklere ýol açýar.

Häzirki wagtda beýleki ugurlar bilen birlikde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy hem ylmy esasda ösdürilýär, pudaga ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, täzeçil tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylan şunuň ýaly ajaýyp binalarda oba hojalykçy alymlaryň, ylmy işgärleriň, ýaş hünärmenleriň döredijilikli hem yhlasly işlemegi, degişli ugurlarda ylmy-barlaglary netijeli alyp barmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Dänäniň we pagtanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän, kesele durnukly we ýokary hasylly görnüşlerini döretmek, tohumçylyk-seçgi işini kämilleşdirmek, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri esasy üns merkezinde saklanylýar. Bu babatda seçgiçi alymlarymyzyň ýurdumyzyň toprak-howa şertinde ýokary hasyl berýän, kesele durnukly sortlaryny döretmek ugrunda alyp barýan uly işler guwandyryjydyr. Diýarymyzyň oba hojalyk işgärleri, pudagyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bilen yzygiderli duşuşyklar geçirilýär we oňa ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýaş mugallymlary-da işjeň çekilýär.

Mälim bolşy ýaly, “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji iýunynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryp, toplumyň işi bilen tanyşmagy, bu ýerde iş maslahatyny geçirip, peýdaly maslahatlaryny bermegi aýratyn buýsandyryjy wakadyr. Gahryman Arkadagymyzyň bu ýerde eden çykyşynda: “Ylmy institutlar oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi täzeçe guramaga ýardam bermelidir. Ýaş hünärmenleriň tejribe toplamagyna, özbaşdak oýlap tapyşlar bilen meşgullanmagyna itergi bermelidir. Oba hojalygynda ähli işler ylmy esasda alnyp barylmalydyr. Bu bolsa ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmäge şert döreder” diýen iňňän jaýdar sözleri oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň kalbynda egsilmez söýgi, uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyzda beýleki möhüm ugurlar bilen birlikde oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, pudakdaky önüm öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek babatda ähli zerur bolan şertleri aňryýany bilen döredilmegi ata Watanymyzy ykdysady taýdan barha kuwwatlandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge giň ýol açýar.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok