Yhlasly hem netijeli işler – bereketli hasylyň kepili

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmekde öňde goýan möhüm wezipeleriniň çäklerinde ýetişdirilýän hasylyň hiliniň ýokary bolmagy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmelidigi, gyzyldan gymmatly suwdan netijeli peýdalanmak netijesinde ekin meýdanlaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmegiň wajyplygy öz beýanyny tapýar. Şonuň netijesinde ýurdumyz boýunça jemi öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberi barha artýar, toplumyň düzümlerinde oňyn önümçilik netijeleri gazanylýar we täze kärhanalary gurmaklygyň hasabyna täze iş orunlary-da döredilýär, şeýle-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklige giň goldaw berilýär. Edermen daýhanlarymyz hem oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda yhlasly, halal zähmet çekýärler, ussat kärendeçilerimiz ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Kärendeçileriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertdir mümkinçilikler döredilen.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy dowam etdirilýär. Şeýle hem ylym-bilim pudagynda oba hojalygynyň ugurlary boýunça degişli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy bellenmäge mynasypdyr. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi bilen, pudakda üýtgedip gurmaklyk yzygiderli dowam etdirilip, hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmakdan ugur alynýar. Hususy eýeçiligi we telekeçiligi ösdürmegiň ýolunda bar bolan çäklendirmeler aradan aýrylýar, netijede, ykdysadyýetimiziň bu ugry güýçli ösýär. Oba hojalyk ugry boýunça sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek döwletimiz üçin amatly ýagdaýy döredýär. “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata Watanymyzyň oba hojalyk pudagynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalardyr maksatnamalary amala aşyrmaga giň ýol açylmagy, oba hojalyk pudagynda telekeçiligi ösdürmeklige goldaw berilmegi diýseň buýsandyryjydyr.

Sahawatly ene topragymyzyň bereketli meýdanlarynda giň mümkinçiliklerden peýdalanýan edermen daýhanlarymyz halal zähmet çekmäge, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine önjeýli goşant goşmaga ähli şertleri döredýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar!

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok