Merkezi Aziýadaky ilkinji «akylly» demir ýol menzili Arkadag şäherinde bolar

Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz şäheriň ikinji tapgyrynda binalary we desgalary gurmak hakynda taryhy Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Ulgam gurluşyk», «Kent gurluşyk», «Türkmen bina gurluşyk», «Ajaýyp bina», «Döwlet gurluşyk», «Kerwen gurluşyk» hojalyk jemgyýetleridir «Gurat gurluşyk», «Mukaddes gün», «Ýakynkent», «Aga gurluşyk» hususy kärhanalaryna ynanyldy.

Ikinji tapgyrda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda täze demir ýol menzilini gurmak «Ulgam gurluşyk» hojalyk jemgyýetine ynanyldy.

Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek gurulmagy meýilleşdirilýän «akylly» demir ýol menziliniň 2 gatly binasynyň beýikligi 20 metr bolup, sagatda 50 ýolagça hyzmat eder. Onda «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplaryna laýyk gelýän habar beriji elektron tablolar ýerleşdiriler, «akylly» wideogözegçilikler ornaşdyrylar.

Perronyň üçekleri howa şertlerine baglylykda özi açylar we ýapylar. Ýolagçylar üçin myhmanhana, saglyk nokady bolar. Demir ýol menziliniň düzüminde tehniki hyzmat ediş binasy, bassyrmaly awtoduralga, köpri, açyk awtoduralgalar, ýöriteleşdirilen tehnikalar üçin garaž gurmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok