Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ösüşiň täze sepgitleri nazarlaýandygy göwünleri galkyndyrýan aýdyň hakykatdyr. Bagtyýar zamanamyzda obasenagat toplumy hem gazanýan uly-uly üstünlikleri bilen ösüşlere ösüş goşýar. Oba hojalyk pudagyny özgertmeklik hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ähli sebitlerde azyk, maldarçylyk, et-süýt kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin amatly şertler döredilendir. Oba hojalygyny ykdysadyýetiň düşewüntli pudagyna öwürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylýar. Ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işlere kuwwatly itergi berildi. Öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlaryň, dünýäniň iň gowy tejribeleriniň ornaşdyrylmagy esasynda bu pudakda guwandyryjy netijeleriň gazanylýandygyny buýsandyryjydyr. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde täze obalar we şäherçeler, döwrebap maldarçylyk toplumlary, elewatorlar, ýyladyşhana hojalyklary, azyk önümlerini öndürýän kärhanalar, iri sowadyjy ammarlar hem-de suw arassalaýan desgalar gurulýar. Welaýatlarymyzda bugdaý we pagta öndürmek bilen bir hatarda, ýeralma, şugundyr, şaly, beýleki gök-bakja önümlerini ýetişdirmek üçin meýdanlar bölünip berilýär. Pudakda zähmetiň ýokary derejede awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda görlen maksada okgunly çäreler obada işçi-hünärmenleriň abraýyny artdyrmaga, ýaş işgärleri çekmäge hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçiliginiň meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalar satyn alynýar. Oba hojalyk ulgamyndaky işewürlige, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzyň önümleriniň eksportynyň möçberini artdyrmak boýunça Ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, täze tarp ýerleri özleşdirmek boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Meliorasiýanyň öňdebaryjy usullary ulanylýar. Ekerançylary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ýokary depginler bilen ösdürilýär, öňdebaryjy tehnologiýalar, ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň ýerden peýdalanmagyň köpasyrlyk tejribesini, oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny artdyrmak üçin ygtybarly esasa öwrülýär.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler