Dünýädäki iň howply patogen

Iň ýaýran bakteriýalardan biri bolan “Pseudomonas aeruginosa”, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň iň howply patogenler sanawynyň başyny çekýär. Her ýyl takmynan ýarym million adam bu ölüm howply bakteriýalar sebäpli aradan çykýar. Reaktiw ýangyçda we arassa suwda ýaşap bilýän bu bakteriýa, dürli ýerlere tiz uýgunlaşmagy bilen hassahana şertlerinde hem ölüme sebäp bolup bilýär.

Köpümiz gündelik durmuşda gurşawdaky dürli mikroblara duş gelýäris we hiç hili täsir etmezden olardan dynýarys. Şeýle-de bolsa, “Pseudomonas aeruginosa” nähilidir bir ýol bilen bedene aralaşanda bu bakteriýa gözegçilikden çykyp dürli ýokançlyklara öwrülip bilýär.

Golaýda, alymlar tebigatda giňden ýaýran mikroorganizmiň adamlara nähili howp salýandygy bilen gyzyklandylar. Kembrij uniwersitetiniň alymlary dünýädäki adam, haýwan we daşky gurşaw çeşmelerinden takmynan 10 müň bakteriýa nusgasyny ýygnady.

Bu gözlegiň netijesinde, “Pseudomonas aeruginosa” bilen baglanyşykly 596 wirus görnüşi ýüze çykaryldy. Döreýän keselleriň 21-siniň bolsa bu wirus bilen baglanyşyklydygy anyklanyldy. Mundan başga-da, soňky 200 ýylda çalt ösen bu wirus görnüşiniň howply ýokançlyklara sebäp bolýandygy hem görkezildi.

Her ýyl takmynan ýarym million adam bu howply bakteriýalaryň pidasy bolýar. Munuň esasy sebäbi bolsa ol wiruslaryň antibiotige garşylyk görkezip bilýänligi bolup bilýär.

Aýlar BABAKULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok