“Arkadagyň şygyryndan ruhlanyp…”

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bu bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň talyby Annasoltan Hojaýewa “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly eseri bilen gatnaşyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň  “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyna mynasyp bolmagy başardy.

Eseriň birinji meýilnamasynda Atageldi Garýagdyýew we adybelli orkestr toparynyň saz çalyp oturan pursady görkezilipdir. Ikinji meýilnamada bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusy we Köpetdagyň eteginde ýerleşdirilen dana şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi şekillendirilen. Ýaş nakgaşyň bu eseri özüniñ reňk çözgüdi, çeperçilik taslama gurluşynyň aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Talyp bu eserini Gahryman Arkadagymyzyň goşgusyndan ruhlanyp döredipdir.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir ylmy işlerde ýa-da kitaplarda däl-de, döredijilikde we sungatda hem öz mynasyp ornuny tapdy.

Bägül HOJANYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

amaly-haşam sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok