Ýaponiýada soňky 20 ýylda ilkinji gezek täze banknot dolanyşyga girizildi

Ýaponiýanyň Merkezi Bankynyň (BOJ) Tokionyň Nihonbasi şäherindäki baş ofisinde täze ýapon ýen banknotlary bilen tanyşdyrdy. BOJ-nyň prezidenti Ueda Kazuo tarapyndan geçirilen dabarada täze 1000, 5 müň we 10 müň ýaly täze ýapon banknotlary görkezildi.

Ueda, Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende Ýaponiýada “nagt däl tölegleriň pesdigini” aýtdy. Nagt puluň ygtybarly töleg usuly hökmünde Ýaponiýanyň geljeginde uly rol oýnajakdygyny belläp, Ueda täze banknotlaryň ykdysadyýetde “özara täsir ediji” meseläni öz üstüne aljakdygyny belledi.

BOJ – birinji etapda 1,6 trillion ýen (9,9 milliard dollar) bahasy bolan täze banknotlary ýaýratmagy meýilleşdirýär. 2004-nji ýylda ilkinji gezek çykan ýen banknotlarynda ýerli dilde “Kanji” nyşanly sanlar aňsat okamak üçin has uly şriftlerde çap edildi.

Hökümet bilen baglanyşykly Milli metbugat gullugy (NPP) 3D gologramma tehnologiýasynyň Ýaponiýanyň ýen belliklerinde ilkinji gezek ulanylandygyny habar berdi. Täze döredilen dizaýn bilen howpsuzlygy we ulanylyşy ýokarlandyrmak maksat edinilýär.

Hoşowaz HANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok