Tebigat, özündäki ýüze çykýan ähli zatlarda bizi özüne çekmegi başarýar. Ösümlikler kömürturşy gazyny alyp, kisloroda öwürýärler we atmosfera goýberýärler. Bu amal adatça göze görünmeýär, ýöne alymlar muny görmegi başardylar.
Stomalar ösümlige kömürturşy gazyny we kislorody almaga mümkinçilik berýän ýapraklaryň aşaky böleginde ýerleşýän ownuk açyklyklardyr. Geçirilen gözlegiň netijesinde ösümlikleriň kömürturşy gazy we şuňa meňzeş gazlardan nädip dem alýandyklary görkezilýär. Bu gazlar ösümlige fotosintez arkaly ýaşamak üçin zerur iýmitleri döretmäge kömek edýär we bu prosesiň netijesinde kislorod önüm hökmünde goýberilýär.
Ýöne kiçijik ösümligiň agzy açylanda we gazy özüne alyp, ýapylanda birneme gorkunç ýaly görünýär. Bu gözegçilik, ösümlikleriň dem alşy barada köp zatlary öwretdi we ähli stomalaryň hemişe açyk bolup bilmejekdigini ýüze çykardy, sebäbi şeýle bolan bolsa ösümlik gurardy. Şonuň üçin ösümlikler hem guramagynyň öňüni almak üçin ösümlikler hem kiçijik agzyny yzygiderli açmaly we ýapmaly bolýarlar.
Bu aýlanyşyk ösümlikleriň ýaşamagy üçin örän möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, biz tebigatyň nähili çylşyrymly we ajaýypdygyna ýene bir gezek düşünýäris.
Maýa BAÝRAMOWA,
Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.
Teswirler