Oba hojalyk pudagy üstünliklere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni beýik ösüşlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek bilen bagly birnäçe resminamalaryň kabul edilmegi daýhanlarymyz, şol sanda, ähli oba hojalykçylar üçin şatlykly wakalaryň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň işini üýtgedip guramak hakyndaky gol çeken Permany halkymyzyň rysgal-berekedi bilen bagly netijeli çözgüt boldy. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi.

Şunda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak baradaky kabul edilen Karar daýhanlary, şol sanda ähli oba hojalyk pudagynda zähmet çekýänleri begendirdi. Bu bolsa ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde, depginli ösdürmekde möhüm ädim bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmekde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde uly mümkinçilikler döredilýär.

Watanymyzyň babadaýhanlarynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, toprakdan bol hasyl öndürip, halal baýamagy üçin ähli şertler döredilýär. Ekin meýdanlaryny işläp bejermekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan kämil, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Daýhanlar topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Kärendeçiler bilen tabşyrylan önümler üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Öz halkyna işlemäge, halal zähmet çekip, mähriban Diýarymyzyň ählitaraplaýyn ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, halkymyzyň bagtyýarlygyny nazarlaýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!

Azat MAŞRYKOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok