Google terjimä ýene 110 dil goşuldy

Google terjime hyzmatlaryny giňeltmegini dowam edýär. Kompaniýa Terjime edýän dilleriniň hataryna ýene 110 dili goşdy. Şeýle giňişleýin goldaw emeli aň arkaly mümkin boldy.

“Google Translate” – dünýäde iň halanylýan terjime hyzmatlaryndan biridir. Aslynda, mundan öň hem “Google Translate” onlarça dili goldaýardy. Täze girizilen üýtgeşme hyzmatyň has köp adama ýetmegini üpjün eder. Google terjime goşulan 110 täze dilleriň arasynda käbir sebitlerde az sanly adam tarapyndan ulanylýan diller bar.

Google-yň beren beýanyna görä, terjimä goşulan 110 täze diliň arasynda esasan Efiopiýa sebitinde, Afar, Kanton, Mans adasynda ulanylýan Manx, Günbatar Afrikada ulanylýan NKO, Pakistanda ulanylýan Penjap, Demirgazyk Afrikada ulanylýan Tamazight we Papua Täze Gwineýada ulanylýan Tok Pisin dilleri bar. Şeýle hem olaryň arasynda Afrikadaky ýerli diller hem bar.

“Google” bu ädim bilen ýarym milliarddan gowrak adama terjime hyzmatyny hödürläp başlandyklaryny aýtdy. Şeýle giňişleýin täze mümkinçilik “Google”-yň giň dil modeli bolan “Palm 2” bilen mümkin boldy.

Göwher GAGYLOWA,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok