Alymlar howadan arassa suwy almagy başardylar

Alymlar tutuş dünýäniň ykbalyny üýtgedip biljek täze oýlap tapyş etdiler. Mälim bolşy ýaly, dünýäde her gün agyz suwunyň gory azalýar. Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) topary howadan agyz suwuny çykaryp bilýän enjamy döretdiler. Bu bolsa arassa suwa bolan barha artýan zerurlygy çözüp biler.

Goranyşyň Öňdebaryjy Gözleg Taslamalar Guramasy bolan DARPA tarapyndan maliýeleşdirilýän MIT, uzak wagtlap dowam eden gözlegleriniň netijesinde möhüm öňegidişlik gazandy. Topar tarapyndan işlenip düzülen SAWH atly enjam, ýörite ulgamy bilen howadaky çyglylygy özüne siňdirip, arassa agyz suwuny almagy başardy.

MIT topary tarapyndan işlenip düzülen bu enjam hakda iň gyzykly maglumat, agzap geçen täze enjamyň kiçi we ykjam gurluşa eýe bolup, gaty arzan dizaýna eýe bolmagydyr. Şonuň üçin ony dürli geografiýalarda ulanmak mümkin. Oýlap tapylan enjamyň gaty pes çyglylyk derejesinde hem işläp bilýän gurluşyna eýe bolmagy, çöl ýaly agyr şertlerde-de suw almaga şert döredýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, howadan arassa suw almak üçin işleýän enjamyň gün energiýasyndan başga energiýa talap etmeýänligidir. Şeýlelik bilen, bu enjam daşky gurşawyň durnuklylygy we ekologiki deňagramlylygy goramak babatynda uly artykmaçlyklary üpjün eder.

Ýaýlym ORAZBERDIÝEW,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok