Ýiti gün şöhlesinden goranalyň!

Tebigatyň kanuny bizi gurşaýan zatlaryň ählisine deň täsir edýär. Şonuň üçin paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, Gün şöhlesinden dogry peýdalanmagymyz hem-de goranmagymyz zerurdyr. Munuň üçin islendik adam arassa howada gezelenç etjek mahaly irden sagat 09:00-dan — 11:00 aralygynda, öýlän 18:00-dan soň, özi-de pasla görä geýnip daşaryk çykmalydyr. Şeýle ýagdaýda kabul edilen şöhle bedenimiziň goraglylygyny güýçlendirýär, gan aýlanyşygyny gowulandyryp, oňaýly täsir edýär.

Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, Gün urmadan goranmak üçin ak, açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, şeýle-de gözleriňe Gün şöhlesinden goraýjy äýnekleri dakynmak we bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen suwuklygyň der üsti bilen köp mukdarda bölünip çykmagy netijesinde, bedendäki deňagramlyk bozulyp, gan goýulaşyp bilýär. Munuň özi insult we infarkt keselleriniň ýüze çykmagyna getirip biler. Arassa agyz suwy talabalaýyk içilende, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukyby ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Lukmanlar adama günüň dowamynda 2-3 litr suw içmegi maslahat berýärler. Yssy howada suwy köpräk içmek peýdalydyr.

Gün urmasy ýüze çykan ýagdaýynda, bedeniň deri örtügi gyzarýar, guraksylanýar, ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmagy, huş ýitirmek, uka meýillilik, gulaklaryň şaňlamasy ýaly hadysalar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Öz wagtynda kömek edilmese, ýagdaýyň has-da agyrlaşyp, gaýraüzülmelere getirmegi mümkin. Şeýle ýagdaý ýüze çyksa, näsaga suw, aýran, gök çaý içirmek maslahat berilýär.

Hormatly Ildeşler, adam saglygyna peýdaly bolan Gün şöhlesini ýerlikli peýdalanmagy başaralyň! Janyňyz sag bolsun!

Ýusup METIKOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok