Galla — mukaddes saçaklarymyzyň berekedi

Bugdaý — halkymyzyň rysgal-berekedi, mukaddes baýlygymyz. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna ak bugdaýyň ýokary hasylyny almak ugrunda uly tagallalaryň edilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Bugdaý ekip, hasyl almak, harman eýesi bolmak ýaly hysyrdyly işleriň aýratyn höziri bar. Üstesine, bugdaý oragy daýhan durmuşynda iň bir şatlykly wakalaryň birisi hasaplanylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň oba syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleri, şol sanda önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikler berilýär. Bularyň hemmesi «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda berkidilendir. Hususan-da, oba hojalyk zähmetkeşlerine ýerden peýdalanmak üçin iň pes nyrhlar kesgitlenildi, olar salgytdan doly boşadyldy. Daýhanlar hem-de daýhan birleşikleri tehnika, tohum, mineral dökünler, suw we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär. Gallaçylaryň harajatlarynyň ýarysyndan gowragyny tygşytlamaga döwlet tarapyndan goldaw berilýär.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, ýylyň-ýylyna dünýäniň iň kämil, kuwwatly tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alyp berýär. Gallaçy kärendeçiler suw, dökün bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň gurduryp berýän kärhanalarynda öndürilýän dökünler gallaçy we pagtaçy kärendeçilerimiziň döküne bolan zerurlyklaryny doly üpjün edýär. Ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalyklarynda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasylly tohumlar taýýarlanylýar. Kärendeçileriň tabşyran önümleri üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň uludan baýram ediljek ýylyny ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamak gallaçylarymyzyň esasy maksady bolup durýar. Şonuň üçin-de olar oragyň depginini birjik-de gowşatmaýarlar. Şol bir wagtyň özünde-de däneden boşan ýerlerden samany ýygnamak, sürüm geçirmek we topragy geljek ýylyň ekişine taýýarlamak işlerini hem ünsden düşürmeýärler.

Kerim ANNAGULYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok