Oba hojalyk pudagy halka bereket eçilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri sahawatly toprakdan öndürilýän galla hasylynyň halkymyzyň berekedidigini ýurdumyzyň däneçilik pudagynda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede, ylmy esasda ösdürmek möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Bu ugurdaky işleriň degişli derejede ýerine ýetirilmegi bolsa bol hasylyň ýetişdirilmegini üpjün edýär diýip nygtaýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy we toplumyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Alym Arkadagymyz täze hasylyň kabul edilýän bölümine bardy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda däneden we pagtadan alynýan hasylyň mukdary yzygiderli artýar. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden çözgüdine laýyklykda, bugdaýyňdyr pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlaryň işe bolan höwesini has-da artdyrdy. Şeýlelikde, şu ýyl Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Şu günler ýurdumyzda galla oragy möwsüminiň dowam edýändigini, şu ýyl gallanyň bereketli hasylynyň ýetişdirilendigini we şeýle netijeleri gazanmakda alymlaryň uly goşandynyň bardygyny belläp, alym Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýandygyny, kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde alymlarymyzyň uly goşantlarynyň bardygyny aýtdy.

Daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip eken, mehanizatorlarymyzyň ýygnap alan bugdaýynyň ýekeje dänesini hem yrýa etmeli däl. Çünki galla halkymyzyň mukaddes saçaklarynyň berekedidir, bolelin durmuşda ýaşamagynyň şertidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we maslahata gatnaşyjylara bu ugurda alyp barýan işlerini netijeli dowam etdirmegi tabşyryp, asylly işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Tirkemyrat ATAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok