Oba hojalyk pudagy galkynýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny kesgitleýän, ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan oba hojalyk toplumynda düýpli özgertmeler üstünlikli amal edilýär. Oba hojalyk önümçiligini ýerleşdirmegi ýöriteleşdirmek, ýokary hasylly ekinleri ösdürip ýetişdirmek, fitomelioratiw işleri geçirmek, öri meýdan dolanyşygyny girizmek, pudaga täzeçil ugurlary ornaşdyrmak ýaly derwaýys meseleleri çözmek okgunly ösüşi gazanmakda esas bolup hyzmat edýär. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak üçin watandaşlarymyz maksada okgunly, tutanýerli, halal zähmet çekmekde yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Döwlet derejesinde berilýän ünsüň netijesinde däneçilik, pagtaçylyk, gök-miweçilik, maldarçylyk we guşçulyk ulgamlaryna telekeçilik, hususyýetçilik giňden ornaşdyrylýar.

Berkarar Watanymyzda “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrmagynyň barşynda “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna barmagy ykbalyny obasenagat toplumynyň işine baglan watandaşlarymyzda uly kanagatlanma duýgusyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň toplumyň işi bilen tanyşyp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi pudagyň hünärmenleriniň öňünde uly wezipeleri goýdy.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatynyň barşynda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýaş mugallymlarynyň gatnaşmagynda oba hojalykçy alymlar bilen duşuşyklaryň guralmagyny maslahat bermegi ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň işini döwrebaplaşdyrmaga, ýaşlarda saýlap alan hünärine bolan söýgüsini artdyrmaga hem pugtalandyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik özgertmelerinden ruhlanýan, berýän tabşyryklaryndan ugur alýan seçgiçilik işleri bilen meşgullanýan alymlar tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasylly, kesellere durnukly oba hojalyk ekinlerinden bugdaýyň we gowaçanyň täze görnüşlerini döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak, ekinleriň seçgiçilik işi, tohumçylygy, agrotehnikasy we ösümlikleri goramak ugurlary boýunça netijeli ylmy işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Azyk senagaty pudagyny ösdürmek, ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen doly derejede üpjün etmek meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylýar. Täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, oba hojalyk düzümleri üçin bäsdeşlik gurşawyny döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny, hususan-da tohumçylygy ösdürmek, täzeçil usullary işläp taýýarlamak obasenagat toplumyndaky giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen obasynyň galkynmagy, daýhanlaryň ene ýeriň hakyky eýesine öwrülmegi, yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!

Gurbanmyrat REJEPOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok