Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýyl Arkadag şäherine baryp, onuň ikinji tapgyrynda ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň binalarynyň gurulmalydygyny aýdandygyny we ol desgalaryň guruljak ýerlerini kesgitläp berendigini belledi. Bu ylmy institutlar oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi täzeçe guramaga ýardam berjekdigini belledi. Ýaş hünärmenleriň tejribe toplamagyna, özbaşdak oýlap tapyşlar bilen meşgullanmagyna goşant goşar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy we onuň işi bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, dänäniň we pagtanyň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän, kesele durumly we ýokary hasylly görnüşlerini taýýarlamak, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.
Häzirki zaman oba hojalyk ugurly taslamalary ýokary derejede takyk we gysga wagtyň içinde ýerine ýetirmäge mümkinçilik alynýar. Şeýle hem oba hojalyk işleri we olaryň ýerine ýetirilişini içgin öwrenmäge mümkinçilik bar. Şol sebäpli bu ylmy işleriň has netijeli görnüşini talyplaryň hünärine laýyk ulanmagyň usulýetini işläp düzmek we ony okuw işine, maksatnamasyna ornaşdyrmak wajyp bolup durýar. Ýurdumyzy oba hojalygy taýdan ösdürmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, ýer üsti bilen işleşilende ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ýerleriň üstüni tekizlemek we suwaryşyň kämil tehnologiýalaryny ýerlerde ornaşdyrmak üçin taslamalaryň alnyp barşynda ýerine ýetirilýän çyzgylary awtomatlaşdyrylan usulda ýerine ýetirmek zerurlygy döreýär. Şonuň üçin bu ugurda has kämilleşen taslamalary işläp başarýan, häzirki döwrüň talabyny ödeýän hünärmenleri taýýarlamak möhüm mesele bolup durýar.
Babyş ATJANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler