Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji iýunynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlup, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryp, bu toplumyň işi bilen tanyşdy. Önümçilik toplumynyň çäginde bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän galla önümleriniň görnüşlerinden, tohumlyk dänelerden, täze hasyldan taýýarlanan undan, çörek we çörek önümlerinden ybarat bolan sergi hem guraldy we bu sergi ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýany bolup çykyş etdi. Esasy bellemeli zatlaryň biri-de, kämil enjamlar bilen üpjün edilen bu täze kärhanada işlejek hünärmenleriň dünýäniň dürli ösen ýurtlarynda tejribe okuwlaryny geçmekleri bolup durýar, bu bolsa kärhanada zähmet çekjek işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirip, alnyp barylýan işleriň talabalaýyk gelmegini üpjün edýär.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny hem geçirdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda watandaşlarymyzyň “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” amala aşyrmakda tutanýerli zähmet çekýändiklerini we şunuň bilen birlikde merdana daýhanlarymyzyň häzire çenli 1 million tonnadan gowrak ak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrandygyny buýsanç bilen aýdyp, munuň örän guwandyryjy netijedigine ünsi çekdi. Şeýle-de Milli Liderimiz tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, dänäniň we pagtanyň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän, kesele durnukly, ýokary hasylly görnüşlerini taýýarlamak, alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda döwletimiz tarapyndan milli ykdysadyýetiň möhüm ugry bolan oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny barha pugtalandyrmak bilen bagly meselelere yzygiderli üns berilýär we üstünlikli çözülýär. Edermen daýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilen ak bugdaýyňdyr pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyrylyp, gerekli mineral dökünler, suw, degişli himikatlar, kuwwatly oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzyň däneçilik pudagynda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede, ylmy esasda ösdürmeklik häzirki wagtda möhüm wezipe hökmünde kesgitlenen, bu ugurdaky işleriň talabalaýyk derejede ýerine ýetirilmegi bolsa bol hasylyň ýetişdirilmegine giň ýol açýar. Pudakda dünýäniň ösen tejribesi, döwrebap agrotehniki usullar netijeli öwrenilýär, munuň özi bolsa oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilmegi bilen bir hatarda, bu ugurda oňyn tejribäniň toplanmagyna hem uly şert döredýär. Şeýle asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzy gülledip ösdürýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Aýbibi KUTLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler