Häzirki wagtda ýurdumyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Edermen daýhanlaryň yhlasly zähmeti, döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, şu ýyl Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Munuň özi obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň aýdyň netijesidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy we toplumyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlup, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhananyň düzümine elewator we un, çörek önümleri bölümleri girýär. Bellenilişi ýaly, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm işleýär. Täze bölüm bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz kärhananyň barlaghanasynda alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy. Bu ýerde işleýän hünärmen barlaghananyň iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny, geçirilýän ylmy barlaglaryň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändigini belledi. Şeýle-de ol önümçilik düzümlerinde netijeli işlemek, dynç almak üçin zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Alym Arkadagymyz barlaghananyň işiniň önümçilik toplumynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, bu ýerdäki işleriň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigini, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Kärhananyň hünärmeni bölümiň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendigi üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirip, täze bölümiň işleýiş tertibi barada gürrüň berdi. Bu ýerde tohumlyk däneler ýörite şöhläni ulanmak arkaly saýlanylýar. Bu enjam bugdaýlary onuň reňkine, göwrümine laýyklykda arassalaýar. Bu bolsa arassa we ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bölümde oturdylan iň täze fotoseperator enjamy sagatda 18 tonna bugdaýy arassalamaga ukyplydyr.
Nygtalyşy ýaly, sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bölümde işlejek hünärmenler dünýäniň ösen ýurtlarynda tejribe okuwlaryny geçdiler. Munuň özi işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy bilen bir hatarda, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ösen halkara görkezijilere doly laýyk gelmegini şertlendirýär.
Gahryman Arkadagymyz döwletimiz tarapyndan oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, pudagyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bagly meseleleriň mundan beýläk-de yzygiderli gözegçilikde saklanyljakdygyny belledi we hünärmene alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Şyhmyrat ANNAGURBANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Kärdeşler
arkalaşygynyň Ilkinji guramasynyň başlygy.
Teswirler