Galla — 2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeler ýylyň-ýylyna ýetişdirilýän hasylyň artmagyny üpjün edýär. Şu günler hem ekin meýdanlarymyzda galla oragy barha gyzyşýar. Edermen gallaçylarymyzyň Watan harmanyna tabşyran ak bugdaýynyň eýýäm 1 million tonnadan geçendigi hem topraga siňdirilýän umumy yhlasyň guwandyryjy netijeleridir.

Bäş müň ýyllyk taryhy bolan halkymyzyň geçmişde döreden ekerançylyk usullary, guran oba hojalyk desgalary türkmen topragynda daýhançylygyň pajarlap ösendiginden habar berýär. Ýer we suw serişdelerine, ösümlik we haýwanat dünýäsine tebigatyň deňsiz-taýsyz genji-hazynasy hökmünde garan pederlerimiz «Baýlygyň enesi — ýer, atasy — zähmet», «Mal baýlygy — bir gyşlyk, ýer baýlygy — ömürlik» diýen ýaly birnäçe pähimleri döredipdirler. Ata-babalarymyzyň ýörelgelerine pugta eýerýän halkymyzda daýhançylyk käri mertebeli we jogapkärli kesp saýylypdyr hem-de onuň asylly däpleri nesilden-nesle geçirilip kämilleşdirilipdir. Şeýlelik bilen, merdana ýer eýeleri meşhurlyk gazanyp, sahawatly topragymyzy medeni ekerançylygyň merkezine öwrüpdir.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň bereketli däne hasylyny zaýasyz we gysga möhletlerde ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu jogapkärli möwsüme etrabymyzda ykjam taýýarlykly gelnip, şu taýýarlyk çäreleri galla oragyny guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berýär. Şu günler galla oragy gije-gündize parh goýman işjeň ýagdaýda dowam etdirilýär. Gallaçy daýhanlarymyzyň päk zähmetinden kemala gelen bereketli däne hasylyny zaýasyz ýygnamakda ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň güýjünden netijeli peýdalanylýar.

Goý, her birimiziň asuda durmuşda ýaşamagymyz, zähmet çekmegimiz üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, döwletli başlangyçlary rowaç alsyn!

Orazgeldi ATAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok