Gahryman Arkadagymyz Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna baryp gördi

24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda Gurbanguly Berdimuhamedow onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy. Kärhananyň hünärmeni täze bölümiň işleýiş tertibi barada gürrüň berdi. Bu ýerde tohumlyk däneler ýörite şöhläni ulanmak arkaly saýlanylýar. Bu enjam bugdaýlary onuň reňkine, göwrümine laýyklykda arassalaýar. Bu bolsa arassa we ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bölümde oturdylan iň täze fotoseperator enjamy sagatda 18 tonna bugdaýy arassalamaga ukyplydyr. Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory D.Babaýew önümçilik toplumyna gelip gowuşýan gallanyň hili barada gürrüň berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri kärhananyň barlaghanasynda alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Bäşim ÖWEZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agrohimiýa we topragy öwreniş
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok