Dünýä äpet uly we howply asteroid gaçyp biler!

Birnäçe ýyl öň duýduryş berlen hem bolsa, Ýer äpet uly we howply asteroid gaçmagyna taýyn däl. Asteroidiň Ýere 14 ýyl öňünden düşjekdigi çaklanylsa-da, biz munuň üçin taýyn däl.

Mälim bolşy ýaly, Golliwud filmlerinde tutuş ylmy dünýä Ýere düşjek meteorit üçin bir Ýere birleşerdi we ony partlatmak bilen elhenç betbagtçylygyň öňi alnardy. Emma, gynansak-da, faktlar beýle däl.

Resmi habara görä, 14 ýyl öňünden duýduryş berlenem bolsa, Ýer asteroid täsirine ýeterlik derejede taýyn däl. Sagatda müňlerçe kilometr tizlik bilen Ýere düşjek äpet kosmos gaýasy adamzadyň soňuny getirip biler.

NASA we ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan neşir edilen resminamada asteroid betbagtçylyklaryny dolandyrmak meýilnamalarynyň “kesgitlenmändigi” aýdylýar.

Hasabat NASA we ABŞ hökümeti tarapyndan gurnalan simulýasiýa çäresinde döredildi. Öňünden aýdylýan geljekde belli bolan asteroid täsiriniň düýpli howpy bolmasa-da, iki ýyllyk waka ýokary hünärmenleriň şeýle çärä taýýarlyk görmek ukybyna baha berýär.

Azat MAŞARIKOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ösümçilik kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok