Ylmy-barlag institutlarynyň öňe sürýän wezipeleri

Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça düýpli we amaly ylmy-barlag hem-de taslama işleri alyp barmaklyga ýardam bermek, mugallymlaryň, oba hojalyk pudagynyň hünärmenleriniň we işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin dürli tagallalar edilýär. Oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynda ýerine ýetirilýän esasy wezipeler şu aşakdakylardan ybaratdyr:
– ylmy işgärleriň, professor-mugallymlaryň, talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini, innowasiýalaryny we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmaklyga ýardam bermek;
– daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen ylym-bilim babatynda tejribe alyşmak;
– Institutda daşary ýurtly tanymal professor-mugallymlarynyň uzak aralykdan sapak okatmaklaryny işjeňleşdirmek:
– oba hojalyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlananda abraýly halkara bilim edaralaryny, Petronas, Dragon Oil, CNPC, Hyundai, LG, Lukoýl, Areti we beýleki kompaniýalaryň okuw merkezlerini işjeň çekmek;
– oba hojalyk toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş kärhanalaryna sanly ykdysadyýeti we innowasion çözgütleri ornaşdyrylmagyň ýollaryny we ugurlaryny kesgitlemek;
– ylmy monografiýalary, dissertasiýalary, ylmy makalalary, tezisleri, ylmy-amaly ýygyndylary, okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlamak;
– aspirantlara we alymlyk derejesine dalaşgärlere goşmaça “Ylmyň filosofiýasy”, “Hünär boýunça daşary ýurt dilleri”, “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” dersler we ylmy işgärleriň hünärleri boýunça okuw sapaklaryny gurnamak;
– institutyň mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň, talyplarynyň we oba hojalyk toplumy boýunça alymlyk derejesine dalaşgärleriň halkara ylmy-amaly maslahatlara, simpoziumlara, sergilere, seminarlara, bäsleşiklere gatnaşmaklaryny işjeňleşdirmek; ylmy-barlag we taslama işlerini alyp barmak we ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri önümçilige hödürlemekden ybaratdyr.

Hemra DÖWLETOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok