Ýakynda alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynda alnyp barylýan ylmy işler bilen gyzyklandy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy we onuň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýyl Arkadag şäherine baryp, onuň ikinji tapgyrynda ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň binalarynyň gurulmalydygyny aýdandygyny we ol desgalaryň guruljak ýerlerini kesgitläp berendigini belledi. Bu ylmy institutlar oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi täzeçe guramaga ýardam bermelidir. Ýaş hünärmenleriň tejribe toplamagyna, özbaşdak oýlap tapyşlar bilen meşgullanmagyna itergi bermelidir. Oba hojalygynda ähli işler ylmy esasda alnyp barylmalydyr. Bu bolsa ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmäge şert döreder — diýip, alym Arkadagymyz aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýdyp, olaryň alyp barýan ylmy işleri bilen gyzyklandy. Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory D.Babaýew häzirki döwürde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde ýurduň oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilýändigi, pudaga ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň, täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygy barada hasabat berdi. Oba hojalyk toplumynyň binasyna ylmy-barlag institutlarynyň göçürilip getirilmegi ýurduň alymlary üçin ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň biri boldy. Dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylan bu binada alymlaryň döredijilikli işlemegi, ylmy-barlaglary netijeli alyp barmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi. Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory M.Annanepesow ýurduň oba hojalygynda Gahryman Arkadag ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, ekinleri ýazky we güýzki möhletlerde ösdürip ýetişdirmegiň usullarynyň kämilleşdirilmelidigine, bu ugurda milli ekerançylyk däpleriniň we dünýäniň ösen tejribesiniň netijeli özleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Alym Arkadag ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Garlybaý PAŞŞAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,
institutynyň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.
Teswirler