Oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmekde alnyp barylýan işler

Gahryman Arkadag oba hojalykçy alymlar bilen duşuşyklaryň guralmagynyň, oňa ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş mugallymlarynyň işjeň çekilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnalyp alnan galla hasylyny elewatorlarda, däne ammarlarynda talabalaýyk saklamagyň, bu işe hemişe gözegçilik etmegiň, hasylyň kabul edilişini, guradylyşyny, sarp edijilere ugradylyşyny ýokary derejede guramagyň möhüm meseledigini aýratyn belledi.

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynda türkmen daýhanlarynyň häzire çenli 1 million tonnadan gowrak ak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrandygyny aýdyp, munuň örän guwandyryjy netijedigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň galla oragyna ak pata berip, edermen daýhanlara üstünlik arzuw eden pursadyndan bäri köp wagt geçmedigem bolsa, ýokary netijäniň gazanylmagy daýhan zähmetiniň netijesidir.

Halk Maslahatynyň Başlygy barlaghananyň işiniň önümçilik toplumynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk gelmelidigini, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Möwsümi guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutany şeýle-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýtdy hem-de häkimlere bu ugurda welaýatlarda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gyzgalaňly dowam edýän galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljek ýyl üçin hasylynyň düýbüni tutmaga häzirden taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Gölbaý GYLYŽOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok