Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşiniň esasydyr

Bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar. Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegi muňa ýardam edýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen gündelik işe öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda biz ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmäge uly ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz aýratyn nygtaýar. Şu maksat bilen, kompýuter ulgamy we häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri kämilleşdirilýär, önümçilik awtomatlaşdyrylýar, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar. Munuň özi biziň ykdysadyýetimizi has-da berkider.

Mekdep okuwçylarynyň öwrenýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek hakyndaky çözgüt bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu çözgüt köptaraply halkara hyzmatdaşlygyň çägini işjeň giňeltmek we okgunly ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Iňlis, fransuz, nemes, ýapon we beýleki dilleri çuňlaşdyryp öwredýän okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýokary dünýä derejesine çykmagy möhüm wezipeleri öňde goýýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda şol wezipeler üstünlikli çözülýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara okuw mekdepleriniň döredilmegine, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-mugallymçylyk edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagyna, şolaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterliligiň üpjün edilmegine degişlidir.

Ogulbossan KAKAÝEWA,

Köneürgenç etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň
mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok