Saglyk – bahasyna ýetip bolmajak baýlyk

Gündogaryň beýik akyldary şahyr atamyz Magtymguly Pyragy “Saglygyň gadryn bilgin hasta bolmazdan buryn” diýip dogry belläp geçýär. Ynsan üçin ýaşaýyşda iň gymmatly zat saglykdyr. Saglyk – baýlykdyr, saglyk – beglikdir. Her bir ynsan hassalyga duçar bolmanka öz saglygynyň aladasyny etmelidir. Saglyk – bu hiç hili pula ýa gyzyla satyn alyp bolmaýan gymmatlykdyr.

Biziň güneşli Diýarymyzda adam hakynda edilýän aladalar bimöçberdir. Çünki sagdyn ynsandan sagdyn nesil kemala gelýär. Gurulýan sagaldyş-bejeriş desgalary, saglygy bejeriş we dikeldiş hassahanalary, sport toplumlary, saglyk merkezleri, dynç alyş merkezleri ýurdumyzda adam saglygy üçin edilýän atalyk aladalardyr. Ýurdumyzda her bir ýaş nesliň sagdyn dogulmagy, sagdyn kemala gelmegine giň mümkinçilikler bar. Ýurdumyzyň saglyk ulgamynda dünýäniň ösen iň täze innowasion tehnologiýalary ulanylýar.

Her ýylyň sentýabr aýynda Watanymyzda köpçülikleýin “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygydyr” atly bir aýlyk çäre geçirilýär. Her ýylyň 7-nji apreli tutuş ýurdumyzda saglyk güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Şonuň bilen bir hatarda aprel aýy “saglyk aýy” diýlip atlandyrylyp, bu aý aýratyn ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Saglyk ýodalarynda pyýada ýörişler we welosipedli ýörişler guralýar, sport ýaryşlary, bäsleşikler geçirilýär. Medisina işgärlerimiziň öz işlerini ýerine ýetirmekleri üçin şertler döredilendir. Dünýä ülňülerine gabat gelýän tehnologiýalar arkaly ynsan saglygyny bejeriş işleri alnyp barylýar. Hassalar üçin mugt bejergiler we derman serişdeleri yzygiderli berilýär.

Watanymyzda ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly minnetdarlyk bildirýäris!

Amandursun ANNAŞOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok