Oba hojalykçy alymlar bilen duşuşyklar

Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek üçin döwrebap öz hünärine ussat, dürli sanly tehnologiýalardan baş çykaryp başarýan, kämil oba hojalyk tehnikalarynyň içki gurluşlaryna düşünýän we olaryň tehniki häsiýetnamalaryny okap başarýan, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýer kadastryny düzmekde işjeňligini görkezýän oba hojalyk pudagynda zähmet çekmek üçin tejribeli hünärmenleri taýýarlamagy we bu ugurda düýpli ylmy-barlag işlerini alyp barmagyny maksat edinilýär. Şu jähtden Türkmen oba hojalyk institutynda oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplarda düşünjeleri we taýýarlygyny has kämilleşdirmek üçin ylmy işleri alnyp barylýar.

Ylmyň we tehnologiýanyň depginli ösýän häzirki döwründe, şeýle hem bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde oba hojalyk ugurly bilim we hünär taýýarlygyna bildirilýän talaplar ösýär we özgerýär. Bu talaplary yzygiderli hasaba almazdan bäsleşige ukyply oba hojalyk ugurly talyplary taýýarlamak mümkin däldir. Şonuň üçin okuw meýilnamalaryny, dersleriň okuw we iş maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny, esasan hem okatmagyň usulyýetini we tehnologiýasyny ylmy esasda yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr.

Häzirki zaman oba hojalyk ugurly taslamalary ýokary derejede takyk we gysga wagtyň içinde ýerine ýetirmäge mümkinçilik alynýar. Şeýle hem oba hojalyk işleri we olaryň ýerine ýetirilişini içgin öwrenmäge mümkinçilik bar. Şol sebäpli bu ylmy işleriň has netijeli görnüşini talyplaryň hünärine laýyk ulanmagyň usulyýetini işläp düzmek we ony okuw işine, maksatnamasyna ornaşdyrmak wajyp bolup durýar. Ýurdymyzy oba hojalygy taýdan ösdürmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, ýer üsti bilen işleşilende ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowlandyrmak, ýerleriň üstüni tekizlemek we suwaryşyň kämil tehnologiýalaryny ýerlerde ornaşdyrmak üçin taslamalaryň alnyp barşynda ýerine ýetirilýän çyzgylary awtomatlaşdyrlan usulda ýerine ýetirmek zerurlygy döreýär. Şonuň üçin bu ugurda has kämilleşen taslamalary işläp başarýan, häzirki döwrüň talabyny ödeýän hünärmenleri taýýarlamak möhüm mesele bolup durýar.

Ylmy iş häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän dürli täzeçil usullaryny öwrenmek we olary talyplaryň taýýarlygynda peýdalanmak, her bir talybyň giň dünýä garaýşyny artdyrmakda we takyk pikirlenmekde uly ýardam edýär. Bu ylmy barlag işiniň netijesinde talyplaryň ylmy taýýarlygynda häzirkizaman taslamagyň awtomatlaşdyrylan ulgamynyň programma serişdelerinden olaryň başarnygyny artdyrmaklyk göz öňünde tutulýar.

Talyplarymyz we professor mugallymlarymyz döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp ylmy esasda okatmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygyny bildirýär.

Ýusup MÄHEMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok