Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyna degişli oba hojalykçy alymlar bilen duşuşygynda, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we ýaş mugallymlarynyň işjeň çekmegiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.
Möwsümine görä ýere dynç berip, zerur bolsa, ekin dolanyşygyny geçirmegiň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagyň, onuň şorlaşmagyna garşy wagtynda göreşmegiň wajypdygyny belläp geçdi, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ekinleri ekmegiň, olara döküni, suwy zerur mukdarda hem-de öz wagtynda, ylmy tejribä esaslanyp bermegiň möhüm wezipedigine ünsi çekdi. Ylmy çemeleşmeler hemişe-de öz gowy netijesini berýär. Ähli işleri öz wagtynda we agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirseň, çeken zähmetiň ýerine düşýär. Orup alan bugdaýyň her bir dänesi dykyz bolýar. Şeýle berekedi beýleki ekinlerden hem almagy başarmaly diýip, hormatly alym Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnalyp alnan galla hasylyny elewatorlarda, däne ammarlarynda talabalaýyk saklamagyň, bu işe hemişe berk gözegçilik etmegiň, hasylyň kabul edilişini, guradylyşyny, sarp edijilere ugradylyşyny ýokary derejede guramagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Tirkeş BALYŞEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler