Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi

Türkmen halkynyň  Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Medeniýet hepdeligi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «döwlet ähmiýetli şäher» adyna eýe bolan «akylly» şäherde, Arkadag şäherinde uly gerim bilen dowam edýär. Şu ýyl Medeniýet hepdeliginiň çäreleriniň esasy meýilnamasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem Arkadag şäheriniň açylmagynyň 1 ýyllygy bilen baglanyşyklydyr. 

26-njy iýunda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde, ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi-de bu toýly günleriň şatlygyny has-da goşalandyrdy.  

Medeni forumyň çäklerinde guralýan çäreleriň her biri döwletimiziň aýdym-saza, opera, teatr, kinematografiýa, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda, edebiýatda gazananlaryny dünýäde giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. 

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak babatda hemmetaraplaýyn aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok