Demirgazyk sebitde ýene 8100 gektar ýere şaly ekildi

2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, şala döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhynyň ýokarlanmagy Daşoguz welaýatynyň daýhanlary üçin möhüm oba hojalyk önümini öndürmäge höwesi artdyrdy.

Şu ýyl demirgazyk sebitde ýene 8100 gektar ýere şaly ekildi. Onuň esasy bölegi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýöriteleşdirilen hojalyklarynyň ikisinde ýetişdirilýär. Bu ekine bölünip berlen dört müň gektardan gowrak ýer S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde, ýene üç müň gektardan gowrak ýer «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde ýerleşýär. Şu ýyl sebitde şaly ösdürip ýetişdirmäge uly hususy gurluş «Ykbal açary» hojalyk jemgyýeti gatnaşar.

Şu ýyl ekişde kärhanada taýýarlanan ýokary hasyllylygy, kesellere durnuklylygy bilen tapawutlanýan, tagamy datly «Nöküs-2» we «Bereket» görnüşli tohumlary ulanyldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, döwletiň şaly ösdürip ýetişdirmek pudagyny ösdürmek, şalyny üstünlikli ösdürip ýetişdirmek üçin ösen düzümleri döretmek boýunça alyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda şaly öndürmek üçin doly tapgyr döredildi.

Aýşat ALLABERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok